online@akgaya.com +99312 57 55 55

KARTONPIYER

GURLUŞYK GIPS GARYNDYSY

KARTONPIYER gurluşyk gips garyndysy bolup, karniz, ramka, heýkel we ş.m. bezegleriň ýasalmagynda ulanylýar.

KARTONPIYER aňsat garylýar.

Ulanyş möhletiniň uzak bolmagy suwag işi ýeňilleşdirýär we galyndylary azaldýar.

Howa geçiriji material bolmak bilen, KARTONPIYER çyglylygy sazlap, sagdyn daşky gurşawy döredýär.

Ýokary çydamlylyk we ýüzüniň berkligi ýaly aýratynlyklary bardyr.


KARTONPIYER garyndysynyň ownuk däneli bolmagy şekiliň ýüzüniň has-da tekiz bolmagyna getirýär.

GURLUŞYK GIPS GARYNDYSY

ULANYLYŞ DÜZGÜNI

KARTONPIYER şekilleri ýasamak hem-de olary düzetmek üçin ulanylýar.

Arassa gaba suw guýmaly. Soňra SIVA suwag garyndysyny suwuň ýüzüni ýapýança guýmaly. Birnäçe minut garaşmaly, soňra içinde kesek galmaz ýaly hamyr görnüşine gelýänçä garmaly. Gowy garylandan soňra taýyn gips hamyry şekil beriji galyplara guýmaly. Guýulan madda 30 minutdan gataýar.

KARTONPIYER garyndydan ýasalan şekiller we karnizlar gurnalmazdan öň doly guramaly.

Ulanylandan soň gurallary galyndylardan arassalamaly.

MASLAHATLAR

KARTONPIYER garyndysyny beýleki önümler ýa-da materiallar bilen garmaly däl.

Pes tizlikli mehaniki garyjy enjam bilen garmaly.

Taýyn gips hamyrynyň içine suw ýa-da gips (garyndy) goşmaly däl.

KARTONPIYER garyndysy ulanylanda howanyň şertleri +5°C pes bolmaly däl.

Gury we gyzgyn gatlaklaryň ýüzlerini hökmany ýagdaýda çyglamaly.

GURLUŞYK GIPS GARYNDYSY

SAKLAÝYŞ ŞERTLERI

SATEN haltalaryny üst-üstüne 20 sany haltadan köp goýmak bolmaýar. Suwdan we toprakdan daşda saklamaly.

Öndürilen senesinden başlap, bir ýylyň dowamynda ulanylmaly.

Ýaramaz şertlerde saklanan ýa-da möhleti geçen ýagdaýlarynda SATEN garyndysynyň hili peselip bilýär.

TEHNIKI AÝRATYNLYKLARY

Suw/gips gatnaşygy

Şekil ýasamak üçin ............. 7-7,5 lt suwa 10 kg KARTONPIYER

Ýelmeşdirmek üçin .............. 6-6,5 lt suwa 10 kg KARTONPIYER

Gatap başlaýan wagty ................................ >8 min

Doly gataýan wagty ................................................... 30 min

Gysylma çydamlylygy (min.) ...... 100 kgf/sm2 (4x4 blok)

Egrilme çydamlylygy (min.) .............. 45 kgf/sm2 (4x4x16 blok)

200 mikron elekden geçişi (min.) ................... %99.5

100 mikron elekden geçişi (min.) ...................... %95

Göwrüm dykyzlygy (toz görnüşinde) .......... 750-800 kg/m3

Gury dykyzlygy ..................................... 1050-1100 kg/m3

Ýangyn klassifikasiýasy..................................................... A1

STANDART

Standarty ....................................... TDS-125-79

Görnüşi ...............................B4/20/2 C1 Ýörite gipsden ýasalan şekiller üçin güýçlendirilen gurluşyk gipsi

GAPLAMA

Görnüşi ................................................... Polipropilen halta

Agramy .................................................................. 30 kg±%1


ÇYGLYLYKDAN GORAŇ

ÝANGYNA ÇYDAMLY: A1

SES IZOLÝASIÝASY: NPD

TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILEN

IÇERKI ULANYŞ ÜÇIN

ESASY TEMPERATURA

ÝYLYLYGA ÇYDAMLY: NPD

ULANYŞ WAGTY 30 minut