online@akgaya.com +99312 57 55 55

SIVA

PERLITLI SUWAG GARYNDYSY

SIVA - ýörite formulaly ulanylyşa taýýar suwag gipsi. Kerpiç, beton, arassalanmadyk beton, gazbeton, pemzabeton we ş.m. materiallaryň ýüzüne gönüden-göni ulanylyp bilner.

Ulanylyş möhletiniň uzak bolmagy suwag işi ýeňilleşdirýär we galyndylary azaldýar.

SIVA suwag garyndysynyň pasta görnüşinde bolmagy, aňsatlyk bilen suwamak mümkinçiligini berýär.


SIVA gaty we tekiz ýüz gatlagyny emele getirip ýokary çydamlylyga eýedir.

Howa geçiriji material bolup, SIVA gurşawyň çyglylygyny sazlap, sagdyn daşky gurşawy döredýär.

Bu material ýanmaýan material bolup, ýangyny gijikdiriji häsiýete eýedir.

PERLITLI SUWAG GARYNDYSY

ULANYLYŞ DÜZGÜNI

Ulanmaga başlamazdan ozal gatlagyň ýüzüni tozandan we hapadan arassalamaly.

Arassa gaba 6-6,5 lt suw guýmaly. 10 kg SIVA suwag garyndysyny suwuň ýüzüni ýapýança guýmaly. Birnäçe minut garaşmaly, soňra içinde kesek galmaz ýaly hamyr görnüşine gelýänçä garmaly. Garylandan soňra şpatlýowka ulanylyşa taýýar. Gabyň içindäki garyndyny takmynan 1 sagadyň dowamynda ulanmaly.

Suwamak üçin ýörite tekizleýji profil we polat şpatulasy ulanylýar. Suwalandan soň gurallary galyndylardan arassalamaly.

SIVA garyndysyny kerpiçli, gazbetonly we ş.m. diwar ýüzlerine 5-40 mm, üçege we beýleki beton gatlaklaryň ýüzüne bolsa 5-20 mm galyňlykda bir gat edip suwamaly.

SIVA +5°C pes temperaturada ulanylmaly däl. Gury we gyzgyn gatlaklaryň ýüzlerini hökmany ýagdaýda çyglap suwamaly.

MASLAHATLAR

SIVA garyndysyny beýleki önümler ýa-da materiallar bilen garmaly däl (SATEN garyndysyndan başga).

Pes tizlikli mehaniki garyjy enjam bilen garmaly.

Gatlagyň galyňlygy azyndan 5 mm bolmaly.

Taýyn şpatlýowka hamyrynyň içine suw ýa-da gips (garyndy) goşmaly däl.

Çalynýan mahaly howanyň derejesi +5°C pes bolmaly däl.

PERLITLI SUWAG GARYNDYSY

SAKLAÝYŞ ŞERTLERI

SIVA haltalaryny üst-üstüne 20 sany haltadan köp goýmak bolmaýar.

SIVA garyndysyny suwdan we toprakdan daşda saklamaly.

Öndürilen senesinden başlap, bir ýylyň dowamynda ulanylmaly. Ýaramaz şertlerde saklanan ýa-da möhleti geçen ýagdaýlarynda SIVA garyndysynyň hili peselip bilýär.

TEHNIKI AÝRATYNLYKLARY

Suw/gips gatnaşygy ................. 6–6,5 lt suwa 10 kg SIVA

Gurap başlaýan wagty ............................... >20 minut

Ulanyş möhleti .................................................. 60 minut

Gatama wagty ................................................. 150 minut

Sarp ediş .......... 1 sm galyňlyga 9–9,5 kg/m2

Gysylma çydamlylygy (min) ........ 25 kgf/sm2 (4x4 blok)

Egrilme çydamlylygy (min) ............... 10 kgf/sm2 (4x4x16 blok)

1000 mikron elekden geçişi ................. %100

150 mikron elekden geçişi (min) ..................... %60

Göwrüm dykyzlygy (toz görnüşinde) ......... 750-800 kg/m3

Gury dykyzlygy ....................................... 950/1000 kg/m3

Ýylylyk geçirijiligi .............................................. 0,34 W/mK

Ýangyn klassifikasiýasy .................................................... A1

STANDART

Standarty .............................. TDS-31377-2008

Görnüşi ......................................... B4/20/2 Ýeňil agramly gips garyndysy

GAPLAMA

Görnüşi................................................... Polipropilen halta

Agramy ................................................................. 30 kg±%1


ÇYGLYLYKDAN GORAŇ

ÝANGYNA ÇYDAMLY: A1

SES IZOLÝASIÝASY: NPD

ÝYLYLYGA ÇYDAMLY: NPD

TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILEN

ULANMAK AŇSAT

ESASY TEMPERATURA

IÇERKI ULANYŞ ÜÇIN

ULANYŞ WAGTY 30 minut

SUWAMA GALYŇLYGY 5-40 MM.