online@akgaya.com +99312 57 55 55

СУФФИКС SATEN

SOŇKY GAT ŞPATLÝOWKASY

СУФФИКС SATEN garyndysy adaty çyglylykly otaglaryň diwarlaryna we üçeklerine reňklemezden ozal çalynýan soňky gatlagydyr. SIVA bilen suwag edilen ýa-da beton, gipskarton esaslaryň üstünden çalynýar.

СУФФИКС SATEN bilen tekizlenen ýerler reňklenip ýa-da beýleki bezeg şekiller bilen timarlanyp bilner. Guraýan döwründe СУФФИКС SATEN garyndysy diwarlaryň ýüzünden syrygyp gaçmaýar. Gaty we tekiz ýüz gatlagyny emele getirip, ýokary çydamlylyga eýedir. Howa temperaturasynyň üýtgemegine çydamly.

SOŇKY GAT ŞPATLÝOWKASY

ULANYŞA TAÝÝARLYK

Şpaklýowkany taýýarlamak üçin gury garyndyny we arassa suwy 10 kg garynda 6 lt suw gatnaşykda garmaly, 2-3 minut garaşmaly, soňra hamyr görnüşdäki gips emele gelýänçä el güýji arkaly ýa-da mehaniki görnüşde (garmak üçin uç dakylan drel, mikser) garmaly.

Taýýar hamyry her 10 minutdan garmaly. Şpatlýowkanyň temperaturasy +5 gradusdan pes bolmaly däl. Ulanyş möhleti - 30 minut.

ULANYŞ TERTIBI

Taýýarlanan hamyry şpatula bilen arassalanan esasyň ýüzüne çalmaly.

.Esasyň temperaturasy +5 gradusdan pes bolmaly däldir.

Esasyň ýüzüni birnäçe gat bilen tekizlemek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, soňky çalynan gatyň doly gurandygyna göz ýetirmeli.

ÝARAMLYLYK MÖHLETI

Gury, ýapyk ýerde, öndürijiniň gabynda saklan halatynda - 12 aý.

Önümiň öndürilen senesi gabynda görkezilen.