info@akgaya.com +99312 75 45 57

“Ak Gaýa” söwda dükanlarynda satyn alnan harytlary yzyna gaýtarmak/çalyşmak.

Yzyna gaýtarmak/çalyşmak şertleri “Ak Gaýa” HJ-niň söwda dükanlarynda, şeýle hem “Ak Gaýa” sosial platformalarynda satyn alnan harytlara degişlidir.

Satyn alan harydyňyzy aşakdaky şertler esasynda yzyna gaýtaryp/çalşyp bilersiňiz:

1. Haryt ulanylmadyk bolsa (hatda 1 gezek);

2. Harydyň harytlyk görnüşi plombalary, kärhana ýarlyklary saklanan bolsa;

3. Harytlaryň sarp edilendäki aýratynlyklary saklanan bolsa;

4. Harydyň töleginiň tölenendigini tassyklaýan RESMINAMA (ÇEK/NAKLADNOÝ) SAKLANAN bolsa;

5. Harydy yzyna gaýtarmak, satyn alnan wagtynda harydyň bahasy boýunça amala aşyrylýar;

6. Harydy yzyna gaýtarmak/çalyşmak, “Ak Gaýa” HJ-niň haýsy satuw nokadynda satyn alnan bolsa şonda amala aşyrylýar;

7. Siziň harydyňyz yzyna gaýtaryp/çalşyp bolmaýan gowy hilli önümleriň sanawyna girmeýän bolsa:

  • Materiallar we beýleki metraža goýberilýän harytlar
    – Kabeller, şnurlar;
    – Linoleum, plýonka, haly örtükleri we beýlekiler;
    – Kesilen harytlaryň galyndylary;
  • Paket gaplarda, toplumlarda satylýan harytlar (mysal üçin, laminat we ş.m.). Harytlaryň gaplanylyşyndan ýekeje nusgadaky galyndylar yzyna gaýtarylmaýar;
  • Agramyna satylýan harytlar;
  • Syýahat üçin gaýyklar (we suwda hereket edýän beýleki ulag serişdeleri). Yzyna gaýtaryp/çalşyp bolmaýan ýokary hilli önümleriniň jikme-jik sanawyny (Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň 2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran 195 belgili buýrugy) aşakda göçürip alyp bilersiňiz.

Siz satyn alan harydyňyzy satyn alan günüňizi hasaba almazdan, on bäş senenama gününiň dowamynda yzyna gaýtaryp bilersiňiz (kepillik talony berlen harytlara yzyna gaýtaryş möhleti kepillik talonynda kesgitlenilýär).