online@akgaya.com +99312 75 45 57

SATEN

SOŇKY GAT ŞPATLÝOWKASY

Ýokary derejede ýapyşma aýratynlygyna eýe bolup, ähli boýag görnüşleriň aşagyndan ulanylýan soňky gat şpatlýowkasy.

SATEN garyndysy ähli SIVA gatlaklarynyň we gipskartonyň ýüzlerine ulanylyp bilner.

Ulanylyş möhletiniň uzak bolmagy suwag işi ýeňilleşdirýär we galyndylary azaldýar.


Düzümindäki ýörite goşundylar garyndysynyň siňmegini haýallaşdyrýar.

SATEN garyndysynyň pasta görnüşinde bolmagy, aňsatlyk bilen suwamak mümkinçiligini berýär.


Howa geçiriji material bolmak bilen, SATEN çyglylygy sazlap, sagdyn daşky gurşawy döredýär.

SOŇKY GAT ŞPATLÝOWKASY

ULANYLYŞ DÜZGÜNI

Ulanmaga başlamazdan ozal gatlagyň ýüzüni tozandan we hapadan arassalamaly.

Arassa gaba 6,5-7 lt suw guýmaly. 10 kg SIVA suwag garyndysyny suwuň ýüzüni ýapýança guýmaly. Birnäçe minut garaşmaly, soňra içinde kesek galmaz ýaly hamyr görnüşine gelýänçä garmaly. Garylandan soňra şpatlýowka ulanylyşa taýýar. Gabyň içindäki garyndyny takmynan 1 sagadyň dowamynda ulanmaly.

Suwamak üçin plastik profil we demir şpatulasy ulanylýar.

Suwalandan soňra gurallary galyndylardan arassalamaly.

MASLAHATLAR

SATEN garyndysyny beýleki önümler ýa-da materiallar bilen garmaly däl.

Pes tizlikli mehaniki garyjy enjam bilen garmaly.

Taýyn şpatlýowka hamyrynyň içine suw ýa-da gips (garyndy) goşmaly däl.

Çalynýan mahaly howanyň derejesi +5°C pes bolmaly däl.

SOŇKY GAT ŞPATLÝOWKASY

SAKLAÝYŞ ŞERTLERI

SATEN haltalaryny üst-üstüne 20 sany haltadan köp goýmak bolmaýar.

SATEN garyndysyny suwdan we toprakdan daşda saklamaly.

Öndürilen senesinden başlap, bir ýylyň dowamynda ulanylmaly. Ýaramaz şertlerde saklanan ýa-da möhleti geçen ýagdaýlarynda SATEN garyndysynyň hili peselip bilýär.

TEHNIKI AÝRATYNLYKLARY

Suw/gips gatnaşygy ............. 6,5–7 lt suwa 10 kg SATEN

Gurap başlaýan wagty ................................ >20 minut

Ulanyş möhleti ................................................. 60 minut

Gatama wagty ................................................ 130 minut

160 mikron elekden geçişi ................. 99.5%

45 mikron elekden geçişi (min) ...................... 80%

Göwrüm dykyzlygy (toz görnüşinde) ..... 750-800 kg/m3

Gury dykyzlygy ...................................... 950/1000 kg/m3

Sarp ediş ............................................. 1mm galyňlyga 1kg/m2

Ýangyn klassifikasiýasy ..................................................... A1

STANDART

Standarty ................................ TDS-31377-2008

Görnüşi ............................... C6/20/2 Ýeňil agramly gips garyndysy, soňky gat

GAPLAMA

Görnüşi ................................................... Polipropilen halta

Agramy .................................................................... 30 kg±%1


ÇYGLYLYKDAN GORAŇ

ÝANGYNA ÇYDAMLY: A1

SES IZOLÝASIÝASY: NPD

ÝYLYLYGA ÇYDAMLY: NPD

TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILEN

ULANMAK AŇSAT

ESASY TEMPERATURA

IÇERKI ULANYŞ ÜÇIN

ULANYŞ WAGTY 30 minut

SUWAMA GALYŇLYGY 5-40 MM.